Marvel bir ýyldaky relizleriň sanyny iki-üçe çenli azaldar

  • 10.05.2024 13:31
  • 2.2k+

Disney-iň baş müdiri Bob Aýger kompaniýanyň kinoteatrlarda ýa-da telewideniýede çykarylýan Marvel taslamalarynyň sanyny azaltjakdygyny aýtdy. Bu barada film.ru habar berýär.

“Biz ýuwaş-ýuwaşdan önümçiligiň möçberini azaldarys we, ähtimal, ýylda öňki dört serialyň deregine iki serial çykararys, şeýle-de ýylda filmleriň çykyşyny dörtden ikä ýa-da üçe çenli azaldarys. Biz bu strategiýanyň üstünde yhlasly işleýäris” – diýip, Aýger Disney-iň çärýekleýin konferensiýasynda aýtdy.

Şeýle-de, ol Marvel-iň 2025-nji ýylda birnäçe filmleri hödürlejekdigini we “Ar alyjylar” (Мстители) älemini giňeltjekdigini aýtdy. Studiýanyň ýakynda çykmaly filmleriniň arasynda “Dedpul we Rosomaha”, “Kapitan Amerika 4”, “Gök gürrüldedijiler” (Громовержцы), “Fantastiki dörtlügiň” (Фантастическая четвёрка) rebuty, “Bleýd”, şeýle-de “Ar alyjylaryň” bäşinji we altynjy bölümleri bar.


düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......