Alymlar şemaly okdan ýyndam öwüsýän planetanyň bardygyny anykladylar

  • 10.05.2024 11:26
  • 8.1k+

Alymlar “Jeýms Uebb” kosmos teleskopynyň kömegi bilen Ýerden 280 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän WASP-43b ekzoplanetasynda ýeliň tizliginiň sagatda 9000 km-den geçýändigini anykladylar. Bu okuň tizliginden birnäçe esse çalt diýmegi aňladýar diýip, Nature Astronomy žurnalyndaky hasabatda aýdylýar.

WASP-43b – bu ýyldyzynyň bir tarapyna hemişelik “örklenen” gyzgyn gaz ägirdidir. Şol sebäpli planetanyň gündiz tarapynda 1260° C-e ýetýän, demri eredip biljek howur höküm sürýär. Şeýle gyzgynlyk, hatda daşlary bugardyp, ony bulutlara äkidýär.
Ekzoplanetanyň gije tarapy has salkyn - 600° C. Gije bilen gündiziň arasyndaky bu temperatura tapawudy “Jeýms Uebb”-iň açany ýaly, güýçli şemallaryň döremegine sebäp bolýar.


şu gün 13:48
769

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

düýn 14:38
3.2k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......