“Doganlar Super Mario kinoda” 2023-nji ýylda iň köp girdejili film bolup, 1,36 milliard dollar gazandy

  • 09.05.2024 12:12
  • 3.5k+

“Doganlar Super Mario kinoda” (“Братья Супер Марио в кино”) 2023-nji ýylyň jemi boýunca “Barbi”, “Oppengeýmer” we “Galaktikanyň goragçylary 3” («Стражи Галактики-3») ýaly ägirtlerden öňe geçip, iň girdejili film boldy. Bu barada kassa ýygymlarynyň seljermesine salgylanýan Deadline habar berýär.

“Doganlar Super Marionyň” umumy ýygymy 1,36 milliard dollar, arassa girdejisi bolsa 559 million dollar boldy. Bu filme, hatda 2022-nji ýylyň rekord eýesi, döredijilerine 531,7 million dollar girdeji getiren “Awatar: Suwuň ýoly” («Аватар: Путь воды») atly filmdenem öňe geçmäge mümkinçilik berdi.
“Barbi” 1,44 milliard dollarlyk kassa ýygymy we 421 million dollar arassa girdejisi bilen ikinji ýeri eýeledi. Üçünji orunda 328 million dollar bilen “Möý-adam: Älem kerebi” («Человек-паук: Паутина вселенных») multfilmi durýar.
Şeýle hem 2023-nji ýylyň iň girdejili on filmine şu aşakdakylar girdi:

  • “Nindzýa pyşbagalary: Mutantlaryň derbi-dagyn edilişi («Черепашки-ниндзя: Погром мутантов») (204,5 million dollar)
  • "Oppengeýmer" (201,9 million dollar)
  • "Wonka" (182 million dollar)
  • “Teýlor Swift: “The Eras Tour” (172 million dollar)
  • “Freddiniň bäş gijesi” (161 million dollar)
  • "Galaktikanyň goragçylary. 3-nji bölüm" («Стражи Галактики. Часть 3») (124 million dollar)
  • "Güjük patruly: Megafilmi" («Щенячий патруль: Мегафильм») (114 million dollar)

Sanaw düzülende Deadline-nyň diňe bir köpçülige mälim kassa ýygymy baradaky  maglumatlary däl, eýsem insaýderleriň kinostudiýalardan we Golliwuddaky öz çeşmelerinden alnan maglumatlaryny hem göz öňünde tutýandygyny bellemelidiris.


şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....