“Ýigrenji men 4” multfilminiň täze treýleri çykdy. Onda minýonlar super gahrymanlara öwrüler

  • 08.05.2024 23:49
  • 5.8k+

Universal we Illumination studiýalary “Ýigrenji men 4” («Гадкий я 4») multfilminiň täze treýlerini hödürledi. Grýu, onuň maşgalasy we minýonlaryň goşuny täze başdan geçirmelere başlar we ol ýerde hilegär zalymlara garşy göreşmeli bolarlar diýip, Film.ru habar berýär.

Treýlerde minýonlaryň dürli super ukyplara eýe bolmak bilen, “Fantastiki dörtlügiň” we “X adamlaryň” gahrymanlary ýaly, özlerini super gahrymanlaryň keşbinde goýmaga synanyşýandyklaryny görüp bolýar. Sahnalaryň biri Terminator 2-däki meşhur kowha-kowly epizody ýada salýar.
Multfilmiň režissýory Kris Reno, edebi esasynyň üstünde Maýk Uaýt işledi.
“Ýigrenji men 4” 2024-nji ýylyň iýul aýynda dünýä prokatyna çykar.
Multfilm 2010-njy ýylda başlanan “Ýigrenji men” franşizasynyň bir bölegidir. Jemläp alanyňda, franşizanyň taslamalarynyň hemmesi dünýäde 4,6 milliard dollar toplady.  


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....