Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-si THE Asia University Ranking 2024-iň sanawyna girdi

  • 08.05.2024 23:09
  • 9k+

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň 11-si Aziýa uniwersitetleriniň – Times Higher Education (THE) Asia University Ranking 2024 reýtingine «habarçy» derejesi bilen girdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Aziýa uniwersitetleriniň abraýly reýtinginiň sanawyna:

  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty;
  • Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty;
  • Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty;
  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti;
  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty;
  • Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty;
  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty;
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty;
  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti girizildi.

Umuman, 2024-nji ýylyň reýting sanawyna 30-dan gowrak ýurtlardan Aziýa uniwersitetleriniň 1127-si girizildi.
Asia University Ranking uniwersitetleriň okatmak, ylmy barlaglary alyp barmak, bilimleri geçirmek, halkara derejesindäki mümkinçilikler ýaly esasy wezipeleri beýan edýän netijeliligiň görkezijileriniň 18-siniň esasynda THE britan guramasynyň halkara bilermenleri tarapyndan her ýylda düzülýär. Ýokary okuw mekdeplerine çuňňur we toplumlaýyn baha berilmegi reýtingi düzüjilere netijede has doly we sazlaşykly çözgütleri üpjün etmäge mümkinçilik berýär.


02.06.2026 20:35
3.6k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......