“Ýewrowideniýe – 2024-üň” ilkinji 10 finalçysy belli boldy: birinji ýarym finalyň netijeleri

  • 08.05.2024 14:49
  • 7630
“Ýewrowideniýe – 2024-üň” ilkinji 10 finalçysy belli boldy: birinji ýarym finalyň netijeleri

7-nji maýda “Ýewrowideniýe – 2024” aýdym-saz bäsleşiginiň birinji ýarym finaly geçirilip, finala gatnaşmak hukugy üçin 15 ýurt bäsleşdi. Emin agzalarynyň we tomaşaçylaryň ses berişliginiň netijeleri boýunça olardan 10-usy indiki tapgyra geçdi.

Aýdym-saz bäsleşiginiň finalyna Azerbaýjanyň, Awstraliýanyň, Polşanyň, Islandiýanyň we Moldowanyň wekilleri çykyp bilmedi.
Birinji ýarym finalyň finalçylary şulardan ybarat:

  • Serbiýa: Teya Dora - Ramonda
  • Sloweniýa: Raiven - Veronika
  • Ukraina: alyona alyona & Jerry Heil - Teresa & Maria
  • Portugaliýa: iolanda - Grito
  • Litwa: Silvester Belt - Luktelk
  • Finlýandiýa: Windows95man - No Rules
  • Kipr: Silia Kapsis - Liar
  • Horwatiýa: Baby Lasagna - Rim Tim Tagi Dim
  • Irlandiýa: Bambie Thug - Doomsday Blue
  • Lýuksemburg: TALI - Fighter

Olara finalda Şwesiýa (2023-nji ýylyň ýeňiji ýurdy) we Uly bäşligiň ýurtlary – Beýik Britaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa we Germaniýa goşular. Bu ýurtlar hiç hili ses berilmezden bäsleşigiň finalyna göni geçýärler.
“Ýewrowideniýe – 2024-üň” ikinji ýarym finaly 9-njy maýda geçirilip, ýene 10 finalçy kesgitlener. Bäsleşigiň ýeňijisi 11-nji maýda tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň ses bermeleriniň netijesi boýunça saýlanar.


17.05.2024 17:57
6448

Britaniýa tarapyndan geçirilen “Ýewrowideniýe – 2023” BAFTA baýragyna eýe boldy

Ukrainanyň adyndan Britaniýa tarapyndan geçirilen “Ýewrowideniýe – 2023” Beýik Britaniýanyň Birleşen Korollygynyň baş telewizion baýragy BAFTA Television Awards-dan “Göni ýaýlymda iň gowy şou” nominasiýasynda baýraga...

12.05.2024 16:15
8634

Şweýsariýa "Ýewrowideniýe-2024" bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Şwesiýanyň Malmýo şäherinde "Ýewrowideniýe-2024" aýdym-saz bäsleşiginiň finaly geçirildi. Şweýsariýaly ýerine ýetiriji Nemo "The Code" aýdymy bilen ýeňiji boldy. Ikinji orny Horwatiýadan aýdymçy Baby Lasagna, üçünji...

10.05.2024 12:01
3669

“Ýewrowideniýe – 2024-iň” finalyna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy

Penşenbe güni, 9-njy maýda Şwesiýanyň Malmýo şäherinde “Ýewrowideniýe – 2024” aýdym-saz bäsleşiginiň ikinji ýarym finaly geçirildi. Şenbe güni, 11-nji maýda boljak grand-finala geçmek hukugy ugrunda 16 gatnaşyjy...

06.05.2024 13:57
2949

Şwesiýanyň Malmýo şäherinde “Ýewrowideniýe – 2024” bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi

5-nji maýda Şwesiýanyň Malmýo şäherinde 68-nji “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy. Çäre bäsleşigiň You-Tube kanalynda göni ýaýlymda görkezildi. Bäsleşige gatnaşýan 37 ýurduň wekilleri...