BSGG: COVID-19 bilen kesellän hassalaryň 75% -i zerur däl antibiotikler bilen bejerildi

  • 07.05.2024 23:18
  • 11k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlarynyň seljermesi 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli COVID-19 bilen keselläp hassahanalara ýerleşdirilen näsaglaryň, takmynan, 75% -iniň zerur däl antibiotikleri kabul edendigini görkezdi diýip, guramanyň web sahypasyna salgylanýan RG.ru habar berýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri antibiotikleriň aşa köp ulanylmagy bakteriýalaryň dermanlara durnuklylygynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler, bu bolsa gelejekde ýokanç keselleri bejermegi kynlaşdyrar diýip aladalanýarlar.
Derňew COVID-19 bilen kesellän hassalaryň diňe 8% -de hakykatdanam antibiotik ulanmagy talap edýän bakterial ýokaşma kesel kesgidiniň bardygyny görkezdi.
Şeýle-de bolsa, ýagdaýlaryň 75%-de lukmanlar bu dermanlary "ätiýaçdan" bellediler.
Köplenç antibiotikler COVID-19-y kyn geçirýän hassalara (ýagdaýlaryň 81% -de) we ýagdaýy örän agyr näsaglara bellenilýärdi.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, antibiotikleri kabul etmek COVID-19-yň geçişine oňyn täsir etmedi, emma şol bir wagtyň özünde bakteriýalaryň derman serişdelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak töwekgelçiligini ep-esli ýokarlandyrdy diýip, BSGG-nyň bilermenleri belleýärler.


düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......