Hytaýly inženerler uçýan halas ediş halkasyny ýasady

  • 07.05.2024 23:13
  • 12k+

Ozal Türkiýäniň Antalýa şäherindäki halas edijileriň gark bolup barýan adama halas ediş halkasyny sanlyja sekundyň içinde gowşurmak üçin dron ulanyp başlandyklaryny habar beripdik. Hytaýly inženerler olardan ozdurdylar we dronuň özünden halas ediş halkasyny ýasadylar.

Didiok Makings kompaniýasy TY-3R Flying Lifebooy dronyny döretdi. Täze enjam kwadrokopter bilen adaty halas ediş halkasynyň gibridi görnüşindedir.
Halas ediji diňe drony uçuraýmaly, şondan soň apparat heläkçilige uçran adamyň ýanyna özbaşdak uçup barýar we ony howpsuz ýere eltýär.
Dron 720p kamera we uzak aralykdan dolandyryş pulty bilen üpjün edildi. Enjam IP68 goragy arkaly, gysga utgaşma töwekgelçiligi bolmazdan, uçup we suwa gonup biler.
TY-3R Flying Lifebooy iki adama çenli göterip we sagatda 47 km tizlige ýetip bilýär. Şeýle-de bolsa, uçuş uzaklygy 1,1 km bilen çäklenýär.
Adamy halas edenden soň, dron ilki uçan ýerine awtomatiki usulda gaýdyp gelýär.
Drony bütin dünýäde eýýäm öňünden sargyt edip bolýar. TY-3R Flying Lifebooy-yň bahasy 11 803 dollar.


11.06.2026 23:52
8.6k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.9k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......