Antalýa gark bolup barýan syýahatçylary halas etmek üçin dron ulanar

  • 05.05.2024 22:48
  • 15k+

Bu tomus möwsüminde Türkiýede Antalýanyň kenarlarynda syýahatçylaryň howpsuzlygy aýratyn gorag astyna alnar. Dynç alyş zolagynyň halas edijileri “Kankuş” dronlar bilen üpjün ediler, bu bolsa gark bolýan adama birnäçe sekundyň içinde halas ediş halkasyny ýetirmäge mümkinçilik berer diýip, Anadolu gullugy habar berýär.

Suwdan gorkmaýan we tizligi sagatda 80 km-e ýetýän dronlar suw bilen barjak halas edijiden sekiz esse çalt (bir ýarym minutyň ýerine 8-10 sekuntda) kömek eder. Bu gaty möhüm, sebäbi gark bolup başlan adamy halas etmek üçin bary-ýogy 50 sekunt galýar.
Geçen ýyl “Kankuşi” Kemeriň kenarlarynda synagdan üstünlikli geçdi we indiki möwsümde 30 myhmanhanada ulanylar. Häkimiýetler bu programmany giňeltmegi we has köp dron satyn almagy, şeýle hem ýerli uniwersitetlerde olara hyzmat etmek  üçin hünärmenleri taýýarlamagy meýilleşdirýärler.
Halas ediş guramasy eýýäm şu ugurdan hünäriň eýesi boljak talyplara diplom alanlaryndan soň kepillendirilen iş orunlaryny teklip etdi.
Antalýa her ýylda, takmynan, 16 million syýahatçyny kabul edýär.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......