FIFA Ýewropa çempionatlarynyň oýunlarynyň daşary ýurtlarda geçirilmegine rugsat berip biler

  • 07.05.2024 11:11
  • 8.4k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) Ýewropanyň milli çempionatlarynyň daşary ýurtlarda geçirilmegine girizilen gadaganlygy ýatyrmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. TASS muny The Athletic portalyna salgylanyp habar berýär.

Karar 2024-nji ýylyň ahyryna çenli kabul edilip bilner. Öň FIFA milli çempionatlaryň resmi oýunlaryny ýurduň daşynda geçirmegi gadagan edýärdi.

2018-nji ýylda “Relevent Sports” Maýamide "Barselona" we "Žironanyň" arasynda Ispaniýa çempionatynyň oýnuny gurnamaga synanyşdy, ýöne FIFA, ABŞ Futbol federasiýasy we Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasy bu başlangyja garşy çykdy.

Bu gadaganlygyň ýatyrylmagy klublara täze janköýerleri we sponsorlary(hemaýatkärleri) çekmäge, şeýle hem, beýleki ýurtlarda Ýewropa futbolyna bolan gyzyklanmany artdyrmaga ýardam eder.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......