Her ýyl atmosferadan 5,1 milliard tonna CO2 aýrylsa, global maýlamagyň öňüni almak başardar

  • 07.05.2024 15:37
  • 10k+

Alymlar tarapyndan geçirilen täze hasaplamalar howanyň üýtgemegi boýunça Pariž şertnamasyny durmuşa geçirmek we XXI asyryň ortalaryna global maýlamany 1,5 derejä çenli çäklendirmek üçin her ýyl atmosferadan 5,1 milliard tonna CO2-ny çykarmalydygyny görkezýär diýip, TASS ýazýar.

Bu ozal pikir edilişinden ep-esli köpdür we başda meýilleşdirilişi ýaly, zyňyndylaryň kem-kemden nola çenli azaldylmagynyň ýeterlik däldigini aňladýar.
Beýik Britaniýanyň Gündogar Angliýa uniwersitetiniň (UEA) klimatolog alymlarynyň pikirine görä, dünýäniň ýurtlary CO2-ni sorup almagyň we saklamagyň tehnologiýalaryny ösdürmek we ornaşdyrmak üçin tagallalary işjeňleşdirmeli.
Şol bir wagtyň özünde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny mümkin boldugyça çalt azaltmaga çalyşmalydyr.
Gözlegçiler dürli hili çemeleşmeleri seljerip, zyňyndylary azaltmak boýunça ähli borçnamalar ýerine ýetirilendäki iň optimistik çaklamada-da her ýyl atmosferadan 3,2 milliard tonna CO2 çykarylmaly bolar diýen netijä geldiler.
Bu maksatlara ýetmek täze tehnologiýalary ösdürmekde we ornaşdyrmakda ep-esli maýa goýumlaryny, şeýle hem giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny talap eder.
2015-nji ýylda gol çekilen Pariž klimat şertnamasynyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge gönükdirilen halkara şertnamadygyny ýatladýarys. Ylalaşygyň maksady global temperaturanyň ýokarlanmagyny senagatdan öňki derejeler bilen deňeşdirilende 1,5-2 gradusa çenli çäklendirmek.
Ylalaşyga gatnaşýan ýurtlar parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge maýa goýmaga borçlandylar.


düýn 22:30
407

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....