Şwesiýanyň Malmýo şäherinde “Ýewrowideniýe – 2024” bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi

  • 06.05.2024 13:57
  • 3.2k+

5-nji maýda Şwesiýanyň Malmýo şäherinde 68-nji “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy. Çäre bäsleşigiň You-Tube kanalynda göni ýaýlymda görkezildi.

Bäsleşige gatnaşýan 37 ýurduň wekilleri, Ysraýyldan başga, haly ýodasy bilen Malmýonyň konsert toplumynda açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar. Ysraýyldan aýdymçy Eden Golan ýurtda milli matam güni sebäpli dabara gatnaşmady.
Ýatlap geçsek, şu ýyl yklymyň esasy aýdym-saz bäsleşiginiň birinji we ikinji ýarym finallary 7-nji we 9-njy maýda geçiriler. Iň gowy ýerine ýetiriji 11-nji maýda geçiriljek finalda ses berişlik esasynda saýlanar. 


20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

16.01.2026 16:52
1.8k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň finaly üçin petekler 14 minutda satylyp gutardy

Wenada (Awstriýa) geçiriljek şanly 70-nji «Ýewrowideniýe-2026» aýdym-saz bäsleşigi üçin petekler rekord derejeli gysga wagtda satylyp gutardy. Final üçin petekler satuw başlanyndan soň bary-ýogy 14 minutda, ýarym finallar we şou-prewýu üçin petekler bolsa 20 minutyň içinde diýen ýaly satyldy diýip, Deutsche Welle habar berýär...

24.11.2025 13:49
1.5k+

“Ýewrowideniýede” ses bermegiň düzgünleri üýtgedildi

Ýewropa ýaýlym birleşigi (EBU) “Ýewrowideniýede” ses bermegiň täze düzgünlerini yglan etdi. Esasy üýtgeşmeleriň arasynda ýarym finallara hünärmen eminleriň gaýdyp gelmegi we ses berişlikde kezzaplygyň öňüni almaga gönükdirilen täze çäreler boldy diýip, Bi-bi-si ýazýar...

03.11.2025 09:59
4.2k+

“Ýewrowideniýede” hiç haçan ýeňiş gazanmadyk ýurt gaýdyp gelýär

Iki ýyl arakesmeden soň 2026-njy ýylda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine Rumyniýa gaýdyp gelýär. Bu barada Rumyniýanyň TVR ýaýlymy habar berip, bu aralykda ýurduň içerki saýlama prosesini gowulandyrmagyň we ýokary hilli şüweleňi taýýarlamagyň üstünde işländigini belledi...