Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň surat çekmek bäsleşiginiň düzgünnamasy çap edildi

  • 06.05.2024 07:14
  • 9.6k+

Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edildi. “Türkmenistan” gazetinde bäsleşigiň düzgünnamasy çap edildi.

Bäsleşik çagalarda watançylyk duýgusyny ösdürmek, döredijilik bilen meşgullanmaga, sungata, surat çekmäge höwes döretmek, olaryň özbaşdak döredijilik ukyplaryny goldamak, bilesigelijiligini, çeperçilik işjeňligini ýokarlandyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen geçirilýär.
«Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigine ýurdumyzyň ähli künjeginden 14 ýaşa çenli çagalar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, onuň birinji tapgyryna, ýagny ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden iberilen işler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher geňeşleriniň, Medeniýet müdirlikleriniň guramaçylyk toparlaryna hödürlener. Ýerli guramaçylyk toparlary hödürlenen işleri seljerip, jemleýji tapgyra mynasyp görlen 50 sany işi we olaryň awtorlary baradaky şahsy maglumatlary 2024-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine ýollaýar.
Bäsleşigiň ýokary guramaçylykly geçmegini üpjün etmek maksady bilen, gazna tarapyndan guramaçylyk we eminler toparynyň düzümi tassyklanylýar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden saýlanyp alnan 50 sany işiň netijesinde, degişlilikde, hersinden 5 sany tapawutlanan has zehinli çagalar saýlanyp, olar şu aşakdaky temalar boýunça eminler tarapyndan kesgitlenen wagtda surat çekip görkezýärler:

  1. «Meniň Watanymyň gözel ýerleri»;
  2. «Milli baýramçylyklarymyz»;
  3. «Sport — sagdynlyk, ruhubelentlik»;
  4. «Dünýä dursun parahat!».

Döredijilik bäsleşiginiň eminler toparynyň agzalarynyň hersiniň bir sesi bardyr. Bäsleşigiň netijeleri boýunça çözgüt eminler toparynyň mejlisine gatnaşýan agzalaryň beren sesleriniň sanyna laýyklykda kabul edilýär we welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden gatnaşan çagalara, degişlilikde, I, II, III orunlar kesgitlenilýär.
Jemleýji tapgyra hödürlenen işleriň ýany bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine şu aşakdaky resminamalary ibermeli:

  • okaýan mekdebinden kepilnama;
  • iki nusgada maglumat (görnüş №1, görnüş №2);
  • 3х4 ölçegdäki 4 sany fotosurat;
  • dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi (iki nusgada).

Bäsleşige gatnaşyjylaryň diňe bir işi bäsleşige hödürlenilýär.
Çagalar eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza, milli mirasymyza söýgüsini beýan edýän, 30x40 santimetr ölçegde bolan hem-de sergilemek maksady bilen, çarçuwalanan (ramkaly), ozal bäsleşiklere gatnaşdyrylmadyk asyl nusgadaky işlerini bäsleşige hödürläp bilerler.
Bäsleşigiň ýeňijileri eminler topary tarapyndan saýlanar we sylaglanar.
Eminler toparynyň agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň çeken suratlaryna olaryň çeperçiligine, hiline, many-mazmunyna we özboluşlylygyna görä baha berýär.
Eminler toparynyň agzasyna netije çykarmak üçin eminler toparynyň beýleki agzalary bilen maslahatlaşmaga hukuk berilmeýär.
Bäsleşigiň netijeleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň çäklerinde jemlenilip, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersiniň ýeňijilerine, degişlilikde I, II, III orunlar kesgitlener we bäsleşige gatnaşan çagalaryň ählisine höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 104-nji jaýy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-88-55; 44-89-99.
Bäsleşik baradaky maglumatlar yashlar.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......