Iki sany türkmen filmi Türkiýede "Turan" kinofestiwalynyň baýragyny aldy

  • 04.05.2024 21:22
  • 17k+

2-3-nji maýda Türkiýäniň Izmir şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň guramagynda «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi.

Kinofestiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde 77 ýurtdan 1055 filmler görkezildi. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi festiwalda üç sany filmi hödürledi - «Ol Rumystany görsem» režissýory H.Alowow, «Umyt» režissýory I.Annamuhammedow we «Meniň kakam» režissýory A.Eýeberdiýew.
«Ol Rumystany görsem» we «Umyt» atly iki sany türkmen filmi, «Turan» atly halkara kinofestiwalynyň emin agzalary tarapyndan ýörite baýraklar hem-de hormat hatlary bilen sylaglandy. Bu barada TmCars-a Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynda habar berdiler.
Gündogaryň beýik şahyry, akyldar hem filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bagyşlanan «Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi türkmen kinoçylary tarapynda Türkiýe Respublikasynda surata düşürildi. Türkmen kino eseri türkmen edebiýatynyň nusgawy wekiliniň keşbini diňe bir milli derejesinde däl, eýsem dünýäniň kino söýüjilerine açyp görkezdi.
«Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi halkara kinofestiwalynyň maksatnamasynyň çäklerinde hem görkezildi.
Şeýle hem, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi kinofestiwalyň gurnaýjylary tarapyndan, türki halklarynyň medeniýetine goşan goşandy üçin hem ýörite baýrak gowşuryldy.


düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 10:10
2.7k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......