“Dýunanyň” üçünji bölümi düşürilip başlandy. Filmiň resmi ady yglan edildi

  • 09.07.2025 19:53
  • 5.1k+

Legendary studiýasy “Dýunanyň” üçünji bölüminiň düşürilip başlanandygyny habar berdi. Deni Wilnýowyň ylmy-fantastiki wakasynyň üçünji filmi “Dýuna: Üçünji bölüm” (Dune: Part Three) adyny aldy. Taslama bu at bilen kino auditoriýasy barada maglumatlary ýygnamak we seljermek bilen meşgullanýan Rentrak analitiki kompaniýasynyň bazasynda peýda boldy.

Ozal üçünji bölüm Frenk Gerbertiň 1969-njy ýylda çykan ikinji romany bilen baglylykda “Dýuna: Messiýa” hökmünde görkezilipdi. Ýöne Warner Bros. we Legendary studiýalary has bitarap sözbaşyny ulanmak kararyna geldi.
Variety neşiri filmiň tutuşlygyna däl-de, köp böleginiň IMAX kameralarynyň ulanylmagy bilen düşüriljekdigini habar berýär. Şonuň üçin Kristofer Nolanyň geljekki “Odisseýa” filmi häzirlikçe doly IMAX formatda düşüriljek ýeke-täk taslama bolup galýar.
Režissýor Deni Wilnýow ozal Variety bilen söhbetdeşlikde ilkinji iki bölümi diptih, üçünji filmi bolsa franşizanyň özbaşdak bölümi hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Režissýoryň aýtmagyna görä, “üçünji bölüm özboluşlylyga eýe bolar. Şeýle-de, ol munuň “Dýunanyň” çäklerinde iň soňky film boljakdygyny belledi. Ýöne hünärmen Warner Bros. we Legendary studiýalarynyň franşizany beýleki režissýorlar bilen dowam etdirjekdigine ynanýar.
Sosial ulgamlarda Wilnýow surata düşüriş meýdançasyndan ilkinji suraty hödürledi, onda çöl peýzažy şekillendirilen.


“Dýuna: Üçünji bölüm” filminiň premýerasy 2026-njy ýylyň 18-nji dekabryna meýilleşdirilýär.


düýn 11:16
3.8k+

Collider ähli döwürleriň iň gowy fentezi filmleriniň sanawyny düzdi

Collider neşiri ähli döwürleriň iň beýik 20 fentezi filminiň reýtingini çap etdi. Sanawdaky orunlar žanryň meşhurlygyny, onuň ähliumumylygyny we emosional täsirini kesgitleýär. «Fentezi filmlerini söýmezlik mümkin däl...

düýn 08:49
868

«Gaty geň zatlaryň» animasiýa spin-offy – «85-nji ýylyň hekaýatlary» tizer-treýleri çykdy

Netflix platformasy «Gaty geň zatlar: 85-nji ýylyň hekaýatlary» atly taslamanyň tizer-treýlerini çykardy. Bu «Gaty geň zatlaryň» animasiýa görnüşindäki spin-offy bolup, onda bolup geçýän wakalar serialyň ikinji we üçünji möwsümleriniň arasyndaky döwri öz içine alar...

düýn 07:55
1.8k+

«Agyn daýysy!»: Maýkl Jekson hakdaky filmiň täze treýleri görkezildi

Lionsgate Movies kinokompaniýasy Maýkl Jekson baradaky terjimehal filmiň täze treýlerini hödürledi. Onda baş keşbi sazandanyň ýegeni Jafar Jekson janlandyrýar. Film ilkinji gezek kinoteatrlarda 24-nji aprelde görkeziler...

03.02.2026 20:37
4.2k+

«Watan» kinokonsert merkezinde türk seriallary boýunça Röwşen Nepesowyň orkestriniň konserti bolar

15-nji fewralda «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň «Türk seriallaryndan mukamlar» atly konserti geçiriler. Bu çäre diňleýjileriň köpsanly haýyşlary boýunça gurnaldy. Konsertiň dirižýory Eziz Jumanyýazow bolar...