“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filmi 15-nji iýulda Internetde çykar

  • 09.07.2025 12:26
  • 2.6k+

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filminiň remeýkiniň sanly görnüşi 15-nji iýulda Internetde çykar diýip, When to Stream neşiri ýazýar.

Onlaýn görnüşdäki premýerasy film kinoteatrlarda görkezilenden bir aý soň bolar. Adatça, iri filmler kassa ýygymlary gaty pes bolmasa, bir ýarym aýdan gijä galman sanly görnüşde peýda bolýar. Film şu güne çenli dünýä kassa ýygymynda 519 million dollar girdeji gazandy.
Filmde wikingler taýpasy bilen aždarhalaryň arasyndaky dawa-jenjelden ýadan Ikking atly ýetginjek hakynda gürrüň berilýär. Ol duýdansyz Dişsiz diýen aždarha duşýar we onuň bilen dostlaşýar. Täze dosty Ikkingiň kömegi bilen wikingler bilen aždarhalaryň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän gapma-garşylygyň soňuna nokat goýmaga çalyşýar.
Filmdäki baş keşbi “Külli adamzadyň hatyrasyna” (“Ради всего человечества”) serialy arkaly tanalýan Meýson Temz ýerine ýetirdi. Onuň söýgüli gyzynyň keşbini “The Last of Us” filmindäki Saranyň keşbi bilen tomaşaçylara tanyş Niko Parker oýnady. Wiking Stoikiň keşbini Jerard Batler janlandyrdy.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......