Saud Arabystanynda geçjek kibersport boýunça Dünýä kubogynyň baýrak gaznasy 60 million dollar bolar

  • 04.05.2024 20:59
  • 9.6k+

3-nji iýuldan 25-nji awgust aralygynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçiriljek  Esports World Cup 2024 oýunlaryň tertibi belli boldy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 60 million dollara deň bolar, bu bolsa ony ýylyň iň iri kibersport wakalarynyň birine öwürýär.

Esports World Cup 2024-iň çäklerinde 19 sany ugur boýunça medallar goýlar. Şolaryň hatarynda Dota 2, CS2, League of Legends, Mobile Legends, PUBG Mobile, Overwatch 2, Fortnite, Street Fighter 6, Teamfight Tactics we beýlekiler bar. 

Esports World Cup 2024-da oýunlaryň geçiş tertibi:

  • ·3–21 iýul — Dota 2;
  • ·3–14 iýul, 22–28 iýul — Mobile Legends;
  • ·3–7 iýul — League of Legends;
  • ·10–14 iýul — Free Fire;
  • ·17–28 iýul — PUBG Mobile;
  • ·17–21 iýul — Counter-Strike 2;
  • ·24–31 iýul — Overwatch 2;
  • ·31 iýul – 4 awgust — Honor of Kings;
  • ·31 iýul – 4 awgust — Rainbow Six: Siege;
  • ·7–11 awgust — Fortnite;
  • ·7–11 awgust — Street Fighter 6;
  • ·7–11 awgust — Teamfight Tactics;
  • ·14–18 awgust — EA Sports FC 24;
  • ·14–18 awgust — Starcraft 2;
  • ·21–25 awgust — Rocket League;
  • ·21–25 awgust — Tekken 8;
  • ·21–25 awgust — PUBG;
  • ·21–25 awgust — Rennsport (simreýsing).

08.06.2026 12:42
10k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

22.05.2026 07:24
10k+

Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy

«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

04.04.2026 15:00
10k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......