Orangutan dermanlyk otlardan peýdalanyp, ýarasyny bejeren ilkinji haýwan boldy

  • 04.05.2024 18:22
  • 18k+

Indoneziýanyň Sumatra adasyndaky jeňňeliň goralýan zolagynda ýaşaýan Rakus atly erkek sumatran orangutany ylym dünýäsini haýran galdyrdy. Ol başga bir erkek orangutan bilen söweşenden soň, gözüniň aşagynda suwjaryp duran ýara döredi. Orangutanlaryň bu toparyna syn edýän biologlar haýran galdylar: ýaralanandan üç gün soň, Rakus derman ösümligi bilen ýarasyny ýöriteläp bejerip başlady.

Maks Plank Jemgyýetiniň (Germaniýa) haýwanlaryň özüni alyp barşyny öwreniş institutynyň hünärmenleri we olaryň indoneziýaly kärdeşleri Scientific Reports žurnalynda bu barada çykyş etdiler.
Makalada Rakusyň tropiki Fibraurea tinctoria lianasynyň ýapraklaryny ýolup alandygy, ony çeýnändigi we emele gelen şiräni ýaranyň üstüne gysandygy aýdylýar. Ahyrynda, çeýnelen ýapraklar bilen tutuş ýaranyň üstüni doly örtüpdir. Bäş günüň içinde ýara doly bitip, ýokuşma alamatlary galmandyr.
Fibraurea tinctoria agyryny aýryjylyk, çişmä garşy we gyzgyny gaýtaryjy  häsiýetleri bilen tanalýar. Günorta-Gündogar Aziýada adaty lukmançylykda köp keseli bejermek üçin giňden ulanylýar. Liananyň ýapraklaryndaky ösümlik himiki birleşmeleriniň seljermesi antibakterial, garabaşa garşy, çişmä garşy we antioksidant işjeňligi bolan alkaloidleri özünde saklaýandygy we şonuň hem ony ýaralary bejermekde tüýs laýyk serişde edýändigini görkezdi.
Alymlar şu wagta çenli adampisint maýmynlaryň derman ösümlikleriniň kömegi bilen ýaralaryny ýöriteläp bejerýändiklerine syn etmändiler. Rakusyň özi Fibraurea tinktoriýasynyň bejeriş aýratynlyklaryna göz ýetiripmi ýa-da garyndaşlarynyň birinden öwrenipmi - belli däl.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......