Formula 1-iň ady rowaýata öwrülen sürüjisi Niki Laudanyň 1976-njy ýylda Germaniýa Gran-prisinde bolup geçen elhenç heläkçilikde geýen kaskasy Bonhams auksionynda satuwa çykarylar. Bu barada auto.ru habar berýär.
1976-njy ýylda Nýurburgringde Laudanyň Ferrari 312T2 bolidi germewe urlup, ot alanda ol gudrat bilen aman galypdy. Onuň şol wagt geýen AGV kaskasynda urgularyň we ýangynyň yzy saklanyp galypdyr.
Şol ýaryşlardan öň Niki Lauda guramaçylara howpsuzlygyň üpjün edilişindäki kemçilikleri görkezip, ýaryşyň şol tapgyryny geçirtmejek bolupdyr, ýöne beýleki sürüjiler ony goldamandyrlar.
Heläkçilik wagtynda sürüji ýanýan awtoulagda gysylyp galypdyr. Ýüzi we elleri ýanypdyr boldy, öýkenine kömürturşy gazy zeper ýetiripdir.
Düýpli şikeslere garamazdan, Lauda diňe iki Gran-prini sypdyrdy we alty hepdeden soň destiň başyna gaýdyp geldi.
Kaskanyň bahasy 50-60 müň dollar aralygynda. Girdejiniň bir bölegi Laudanyň maşgalasynyň islegine görä, UNICEF-iň haýyr-sahawat gaznalaryna berler.