Netflix “Formula-1-iň” legendasy Aýrton Senna barada serial surata düşürdi

  • 03.05.2024 15:14
  • 4.8k+

Netflix “Formula-1-iň” çempiony Aýrton Sennanyň durmuşyna esaslanan täze serialy çykardy. “Senna” atly serial alty bölümden ybarat bolup, şu ýyl çykarylar. Häzirlikçe onuň diňe treýleri elýeterli. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Tizer-treýler “Formula-1-iň” ýaryşa gatnaşyjysynyň 1991-nji ýylda Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazanmagynyň esasynda onuň durmuşyny görkezer. Şol wagta çenli Sennanyň hasabynda “Formula-1” dünýä çempionatynda iki ýeňiş bardy, ýöne öz öýünde ýekeje ýeňiş-de gazanmandy. Treýler bu ýaryşyň dowamynda onuň başdan geçiren kynçylyklary barada gürrüň berýär.
Sennanyň keşbini Gabriel Leone ýerine ýetirdi, şeýle-de filme Alen Prostyň keşbinde Mett Mell we Sennanyň söýgülisiniň keşbinde Pamela Tome gatnaşdy. Serial onuň ýaryş karýerasynyň başyndan ahyryna çenli durmuş wakasyny gürrüň berer.
Wakanyň soňy 30 ýyl mundan ozal, 1994-nji ýylyň 1-nji maýynda boldy. Onuň ulagy San-Marionynyň Gran-prisinde Imolada tizlikli öwrümde ýoldan çykyp, sagatda 160 km-den gowrak tizlikde diwary urdy.
Senna 31 ýaşynda “Formula-1-iň” iň ýaş üç gezek ýeňijisi we yzygider çempionatyň iň ýaş ýeňijisi (1990-njy we 1991-nji ýyllar) boldy. Ol aradan çykan wagty 34 ýaşyndady.


15.05.2026 11:36
2.2k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

14.05.2026 17:28
5k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

23.04.2026 21:04
2.2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

19.04.2026 14:19
2.6k+

Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider....