BSGG-niň Russiýadaky wekilhanasyna asly türkmenistanly Batyr Berdigylyjow başlyk bellenildi

  • 03.05.2024 14:51
  • 17k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine Batyr Berdigylyjow bellendi diýip, guramanyň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.

Berdigylyjowyň eýýäm täze wezipesine girişendigi habar berilýär, ol öň guramanyň Belarusdaky we Türkiýedäki edaralarynyň ýolbaşçysy bolup işleýärdi.
Öň bu wezipede işlän Melita Wuýnowiç şu ýylyň başynda ygtyýarlylyk möhletini tamamlady, ondan soňra onuň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji guramanyň Ýewropa sebit edarasynyň Russiýadaky ýörite wekili Bagtygül Garryýewa boldy.
Batyr Berdigylyjow Türkmenistanda doguldy. Ol ýokary bilimi Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda aldy. 1995-nji ýylda BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt edarasyna ýolbaşçy bolup işe başlady.


şu gün 07:29
2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
3.9k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......