Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4 aýyň jemine bagyşlanan mejlisini geçirdi

  • 02.05.2024 22:50
  • 27k+

2-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.

Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini, kanunylygy hem-de hukuk tertibini  üpjün etmek, goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany 9-njy maýda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni  mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri, ýuridik we şahsy taraplaryň kadalaşdyryş-hukuk namalaryny ýerine ýetirişlerine gözegçiligi amala aşyrmagyň netijeleri barada hasabat berdi.irmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda hünärmenleri taýýarlamak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri barada aýdyldy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat
berdi.

Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hukuknamalarynyň birnäçesini täzelemek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Gullugy ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we döwrebap usullary ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.  


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....