BAE täze çabgalara sezewar bolýar

  • 02.05.2024 14:08
  • 35k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaşaýjylary tupanly çabgalar sebäpli täze gaýly howa bilen ýüzbe-ýüz boldular. Adatdan daşary ýagdaýlar, çökgünlikler we tebigy betbagtçylyklar boýunça milli edara (NCEMA) ilaty seresap bolmaga we zerur ätiýaçlyk çärelerini görmäge çagyrdy diýip, Khaleej Times ýazýar.

Milli meteorologiýa merkeziniň çaklamalaryna görä, 2-nji maýda durnuksyz howa iň ýokary derejesine ýetip, ýurduň günbatar, kenarýaka we gündogar sebitlerine ýaýrap biler. Käbir sebitlerde ýeliň tizligi 65 km/sag bolar. Howplulygyň mämişi derejesi yglan edildi.
BAE-niň häkimiýetleri tebigy hadysanyň zarbasyna we garaşylmadyk ýagdaýlara jogap bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Ýaşaýjylar, aýratynam, suw joşýan sebitlerde howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge çagyrylýar. Adamlardan zerur bolmasa tupan wagty köçä çykmazlyk we howa baradaky habarlary yzarlamak haýyş edilýär. Käbir sebitlerde mekdepler ýapyldy, awiagatnawlar gijikdirildi.
Ýatlap geçsek, ýurt 16-njy aprelde Emirlikleriň başyna inen soňky 75 ýylda iň güýçli çabgadan soň dikelip başlapdy.


02.06.2026 20:28
7.4k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.2k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......