Dubaýda 122 gatly dünýäde iň beýik ýaşaýyş jaýy gurlar

  • 01.05.2024 23:06
  • 23k+

Dubaýda beýikligi 828 metr bolan beýik bina – Burj-Halifa dünýäniň iň beýik binasy hasaplanýar, ýöne bu ýaşaýyş jaýy däl-de, täjirçilik binasydyr. Mail.ru-nyň habar bermegine görä, häzirki wagtda ägirt uly taslamalary bilen tanalýan şäher dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýyny gurmakda hem öňe saýlanmak kararyna geldi.

Şäheriň merkezine we Palm Jumeýra adasyna ýakyn ýerde, abraýly Marina sebitinde täze 122 gatly Six Senses Residences Dubai Marina toplumynyň gurluşygy dowam edýär.
Woods Bagot, WSP Middle East kompaniýalary we Six Senses myhmanhana operatory tarapyndan işlenip düzülen taslama meýilnamada görkezilişine görä 2028-nji ýyla çenli tamamlanar.
Gökdirän binanyň beýikligi 517 metr bolar - bu häzirki iň beýik ýaşaýyş binasyndan - Nýu-Ýorkdaky 472 metrlik Central Park Tower diňinden 45 metr beýikdir.
Six Senses Residences Dubai Marina meýdany 1310 inedördül metre çenli bolan üç gatly, bäş otagly penthauslary goşmak bilen, 251 sany kaşaň kwartirany öz içine alar. Onuň ýaşaýjylary sport zaly, spa-merkezi, kinoteatr we “ses bilen bejeriş studiýasy” ýaly, giň infrastrukturadan peýdalanyp biler.
Kwartiralaryň bahalary entek aýan edilmedi, ýöne taslamanyň üýtgeşikdigini we ýerleşýän ýerini göz öňünde tutup, olaryň millionlarça dollar boljakdygyny çaklamak bolar.


şu gün 19:36
918

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

şu gün 08:15
1.6k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....