Täze Toyota Crown 2025 tanyşdyryldy

  • 01.05.2024 22:58
  • 19k+

Toyota täzelenen flagman  Crown 2025 sedanyny hödürledi.

Carscoops-yň habar bermegine görä, esasy täzelik – onuň nyşanlary, gapy tutawaçlary, aýna jaýlary, antennasy we 21 dýuýmlyk teker diskalary ýaly, gara ýa-da garaldylan daşky elementleri öz içine alýan Nightshade komplektasiýasy.
Crown 2025 dört komplektsiýada elýeterdir: XLE, Limited, Nightshade we Platinum. Bularyň hemmesinde sedan iki sany 12,3 dýuýmlyk ekran, deri salon, öňdäki oturgyçlary gyzdyrgyçly we Toyota Safety Sense 3.0 howpsuzlyk ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Esasy XLE komplektasiýasy ýönekeý 6 dinamikli ses ulgamy bilen üpjün edilýär. Beýleki wersiýalarynda 11 dinamikli JBL Premium Audio akustikasy bar.

Crown 2025-leriň hemmesi gibridlerdir. XLE, Limited we Nightshade komplektasiýalarynda 239 at güýjüni öndürýän güýç gurluşy 2,5 litrlik hereketlendirijä we elektrik hereketlendirijisine esaslanýar. Platinum-yň ýokarky wersiýasynda 340 at güýjüni öndürýän güýç gurluşy, täze Land Cruiser Prado 250 ýaly, 2,4 litrlik hereketlendirijä esaslanýar we ähli tekerleri hereketli. Şeýle awtoulagyň bahasy 54 990 dollar.
2025 Toyota Crown-yň esasy wersiýasy 41 440 dollardan başlaýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......