Týago Silwa “Çelsiden” gidýändigini mälim etdi

  • 01.05.2024 13:52
  • 7.2k+

Londonyň “Çelsisiniň” goragçysy Týago Silwa häzirki möwsümiň ahyrynda klubdan gidýändigini aýtdy. Braziliýaly futbolçynyň habaryny klubuň resmi saýty berýär diýip, “Çempionat” ýazýar.

“Çelsi” meniň üçin örän köp zady aňladýar. Men bu ýerde bir ýyl sarp etmegi meýilleşdiripdim, ahyrynda bolsa dört ýyl galdym. Bu klub diňe bir meniň üçin däl, eýsem maşgalam üçin hem möhümdir.
Meniň ogullarym “Çelsi” üçin oýnaýarlar, şonuň üçin men “Çelsi” maşgalasynyň bir bölegidigime örän buýsanýaryn. Men olar karýerasyny şu ýerde, köp oýunçylaryň isleg bildirýän klubunda dowam etdirip bilerler diýip umyt edýärin.
Men dört ýylyň dowamynda tutuş özümi berdimmikäm diýýän. Ýöne, gynansak-da, ähli zadyň başlangyjy, ortasy we soňy bar. Bu gutarnykly soňudygyny aňlatmaýar. Men geljekde, iň bolmanda, başga bir rolda dolanyp bilerim ýaly gapyny açyk goýaryn diýip umyt edýärin” – diýmek bilen, Silwa günlerde bir gün yzyna dolanmakçydygyny sözüniň üstüne goşdy.

Silwa 2020-nji ýylda “Çelsä” erkin agent hökmünde geçdi, 151 oýna gatnaşyp, Çempionlar ligasynda, Klublaýyn dünýä çempionatynda we UEFA-nyň Super kubogynda ýeňiji boldy.


şu gün 13:41
2.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
3k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......