Alymlar K2-18b planetasyny Ýerden daşgary hem ýaşaýşyň bardygyna esasy dalaşgär diýip bellediler

  • 29.04.2024 22:35
  • 13k+

Beýik Britaniýanyň Kembrij uniwersitetiniň astronomlary bizden bary-ýogy 120 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän K2-18b planetasynda ýaşaýyş bolup biler diýip hasaplaýarlar. Planeta öz ýyldyzynyň ýaşap boljak zolagynda ýerleşýär we her 33 günden bir gezek onuň daşyndan aýlaw edýär diýip, Daily Mail ýazýar.

Hubble kosmos teleskopy arkaly alnan maglumatlar öň K2-18b-iň atmosferasynda suw buglarynyň bolandygyny görkezýärdi. Soňra Jeýms Uebb teleskopy ondaky dimetilsulfidi - Ýer ýüzünde, esasan, janly organizmler tarapyndan öndürilýän gazy tapdy, ony, esasanam, umman fitoplanktony bölüp çykarýar.
Uebb planetany gözegçilikde saklamagyny dowam etdirer. Alymlar zerur maglumatlary ýygnap, ýakyn wagtda öwrenip başlarlar, ýöne derňewler birnäçe aý dowam eder.
Gipotezalar tassyk bolsa, K2-18b ýaşap boljak ekzoplanetanyň ornuna esasy dalaşgär bolar.
Käbir alymlar planetanyň ummany gaýnadyp biljek ýokary temperaturasyna salgylanyp, şübhe bildirýärler, beýlekiler hatda K2-18b-iň suw däl-de, läbik ummany bilen örtülip biljekdigine ynanýarlar.
Alymlara bu meseläni aýdyňlaşdyrmak üçin wagt gerek bolar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....