“Dýuna 2” 700 million dollar, “Kung-fu Panda 4” we “Godzilla we Kong” - hersi 500 million dollar gazandy

  • 29.04.2024 22:24
  • 7.1k+

“Dýuna: 2-nji bölüm” ("Дюна: Часть 2") fantastik blokbasteri dünýä kinoteatrlaryna dabaraly ýeňiş ýörişini dowam etdirýär. Variety-niň habar bermegine görä, Deni Wilnýowyň filminiň gazanan puly 700 million dollardan geçdi.

Film ABŞ-da 278,3 million dollar we halkara sebitlerinde 422,3 million dollar girdeji gazandy.
Frenk Herbertiň romanynyň film uýgunlaşmagynyň üstünligi Legendary studiýasynyň “Messiýa” ("Мессия") atly trikwelini çykarmagyna itergi berdi.

Universal we DreamWorks studiýalarynyň “Kung-fu Panda 4” ("Кунг-фу Панда 4") animasion filmi hem dünýäde 503,5 million dollar (ABŞ-da 185 million dollar we halkara sebitlerde 318,5 million dollar) girdeji gazandy.
“Godzilla we Kong: Täze imperiýa” ("Годзилла и Конг: Новая империя") epiki blokbasteri döredijilere 519,3 million dollar (ABŞ-da 181,6 million dollar we daşary ýurtlarda 337 million dollar) girdeji getirdi.
Bu filmleriň üstünlikleri pandemiýa çökgünliginden soň güýçli kassa ýygymyna gaýdyp gelinýändigini aňladýar. "Dýuna 2" Pol Atreýdesiň monumental hekaýasynyň dowamydygy bilen tomaşaçylary gyzyklandyrdy, "Kung-fu Panda 4" we "Godzilla we Kong" bolsa olara ýatdan çykmajak ajaýyp başdan geçirmeleri hödürledi.
“Kung-fu Panda” franşizasynyň 2008-nji ýylda ilkinji çykyşyndan bäri jemi 2,3 milliard dollar girdeji gazanandygyny bellemelidiris.


düýn 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....