Emeli aň: OpenAI Moderna-ä täze sanjymlary döretmäge kömek eder

  • 28.04.2024 14:36
  • 5.4k+

Amerikanyň Moderna biotehnologiýa kompaniýasy ChatGPT çat-botuny dörediji OpenAI bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini mälim etdi. Hyzmatdaşlygyň maksady sanjymlary işläp taýýarlamaklygy we onuň paýlanyşyny optimallaşdyrmak ýaly, lukmançylyk pudagynda geljegi uly ugurlar boýunça bilelikde işlemekden ybarat bolar diýip, The Wall Street Journal habar berýär.

Matrisa RNK esasly dermanlary bilen tanalýan Moderna OpenAI-ny täze dermanlary tapmak prosesini çaltlandyrmaga ukyply, gymmatly hyzmatdaş hasaplaýar. Moderna kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Stefan Bansel bilelikdäki işiň rak keseline we dürli wiruslara garşy dermanlary işläp taýýarlamakda netijeli boljakdygyna ynanýar.
Bansel ChatGPT-a oňyn garaýandygyny gizlänok we hatda işgärlerinden çat-boty günde azyndan 20 gezek peýdalanmagy talap edýär. Moderna öz zerurlyklary üçin esasynda 750-den gowrak GPT ýerleşdirilen mChat atly çat-botuň ýöriteleşdirilen görnüşini döretdi.

"Moderna-nyň ýakyn ýyllarda birnäçe önüm öndürmek baradaky ägirt uly meýilnamasy bar we OpenAI ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmek hassalara edýän täsirimizi has giňeltmek we has ýokary derejä çykarmak üçin möhümdir" –diýip, Bansel nygtady.


25.05.2026 16:09
1.2k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.5k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......