Finlýandiýada emeli aň kofeniň täze reseptini döretdi: AI-conic köpleriň göwnünden turdy

  • 27.04.2024 22:36
  • 4.5k+

Emeli aň Finlýandiýadaky üçünji iň iri kofe öndüriji bolan «Kaffa Roastery» üçin täze kofe garyndysyny döretdi. Neýroulgamyň döreden garyndysyna AI-conic diýlip at goýuldy.

Garyndy ChatGPT-ä we Copilot-a meňzeş ösen modelleriň kömegi bilen işlenip düzüldi. Olaryň wezipesi kofe muşdaklarynyň isleglerini doly kanagatlandyrjak, ýöne şol bir wagtyň özünde, adaty usullaryň daşyna çykmaga mümkinçilik berýän garyndy döretmekdi.
Emeli aň Braziliýadan, Kolumbiýadan, Efiopiýadan we Gwatemaladan dört görnüşli kofe noýbasyny saýlady. Esas hökmünde Braziliýadan ýumşak tagamly «fazenda Pinal» görnüşi alyndy.
Mundan başga-da, neýroulgam gaplama belligini we önümiň beýanyny hem döretdi. Onda AI-conic kofesiniň «süýjülik bilen ýetişen miweleriň deňagramly garyndysydygy» aýdylýar.
«Kaffa» kompaniýasynyň işgärleri emeli aňyň tagallalaryna ýokary baha berdiler. Hünärmenler kofe dänelerini gowurmak boýunça ilkinji synagdan we tagam synagyndan soň, «tehnologik garyndynyň ajaýypdygyny» we adamlaryň gatyşmagyny talap etmeýändigini bellediler.
Mundan öň, fin alymlary adaty kofe dänelerini talap etmeýän innowasion kofe görnüşini döretdiler. Içgi laboratoriýada kofe agajynyň öýjüklerinden alynýar we gowurmak üçin lazer şöhleleri ulanylýar. Hünärmenler bu kofeniň içginiň nusgawy görnüşiniň tagamyna 80% meňzeýändigini aýdýarlar.


düýn 23:58
2.2k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 08:12
2.2k+

Finlýandiýada yssylygy we sowuklygy duýmaga mümkinçilik berýän wirtual sauna döredildi

Finlýandiýanyň Aalto uniwersitetiniň inženerleri ulanyjylara wirtual saunada dynç almaga mümkinçilik berýän ulgam işläp düzdüler. Ulgam VR äýneginden hem-de yssylyk we sowuklyk duýgusyny berýän Peltier......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......