BAE-de Gün batareýalary bilen işleýän, 27 müň dollarlyk üç tekerli altyn awtoulag satylyp başlanar

  • 27.04.2024 12:20
  • 19k+

Amerikanyň Gün panelli elektrik awtoulaglaryny öndürýän Aptera Motors korporasiýasy BAE-niň bazary üçin öz üç tekerli awtoulagynyň ýörite görnüşini hödürledi. Ulag Aptera UAE Union Anniversary Edition diýlip atlandyrylýar diýip, Mail.ru ýazýar.

Täze modeliň altyn reňke boýalan uglerod süýümli kuzowy, şeýle hem kebelek gapylary we açarsyz açylýan aýratynlygy bar.
Enjamyň esasy tapawudy Solar Chill aýratynlygydyr. Ol daşardaky temperatura garamazdan, salony salkyn saklamak üçin Gün energiýasyny ulanýar.
Awtoulagyň ýöreýiş ätiýaçlygy 600 km, gün panelleri arkaly günde 60 km-e ýeter ýaly zarýad alyp bilýär. Elektrokaryň ilkinji prototipi 2022-nji ýylda görkezilipdi, ýöne şonda onuň dizaýny birneme üýtgeşik bolup, ýöreýiş ätiýaçlygy bary-ýogy 65 km-di.
Aptera 2026-njy ýyla çenli BAE-ni 53 model bilen üpjün eder, hersiniň bahasy 27 000 dollar bolar.


26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....

18.05.2026 11:22
8k+

20 müň tomaşaça niýetlenen: Abu Dabi ilkinji bolup ABŞ-nyň çäginden daşarda sfera binasyny gurýar

Abu Dabide ABŞ-nyň çäginden daşardaky ilkinji sfera binasy – «Sphere Abu Dhabi» atly täsin we doly derejeli göwün açyş toplumynyň gurluşygy yglan edildi....

02.05.2026 06:35
3k+

Arizonada dünýäde ilkinji elektromobil muzeýi açyldy

Arizonanyň Kingman şäherinde dünýäde ilkinji elektrik ulaglarynyň taryhyna bagyşlanan muzeý açyldy. Bu muzeý taryhy «Route 66» ýolunyň ugrunda ýerleşýän «Arizona Route 66 Museum» toplumynyň bir bölegine......