Alymlar ýylylyk duýduryş şkalasy üçin täze reňk hödürlediler

  • 26.04.2024 07:38
  • 3.4k+

Milli meteorologiýa gullugynyň hem-de Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň amerikan alymlary saglyk üçin howply yssy howa barada maglumat bermek üçin täze reňk şkalasyny hödürlediler. Onda bäşinji reňk – aşa ýokary temperaturany aňladýan goýy gyrmyzy reňk peýda boldy.

Guralyň öňki nusgasynda ak, sary, mämişi we gyzyl derejeler bardy, ak reňk temperaturanyň saglyga howp salmaýandygyny, gyzyl bolsa salkynlamaga mümkinçiligi we içmäge ýeterlik suwy bolmadyk islendik adama çynlakaý howpy aňladýar.
Goýy gyrmyzy dereje diňe bir saglyga däl, eýsem, adam janyna-da howp salýar. Ony örän güýçli yssy uzak wagtlap dowam edýän we gijelerine-de peselmeýän ýagdaýlarynda yglan etmek meýilleşdirilýär.
Hünärmenler bäş ýylylyk kategoriýasynyň berk ylmy hasaplamalara esaslanýandygyny aýdýarlar. Bu görkezijiler ýerli howa maglumaty we ýokary temperaturalar bilen baglanyşykly saglyk statistikasy ulanylyp hasaplandy.
Alymlar goýy gyrmyzy ýylylyk duýduryş derejesiniň ýakyn wagtda yglan edilmelidigini bellediler, sebäbi ýylylyk tolkunlary ýylsaýyn güýçlenýär we uzaýar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....