Aşgabatda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler

  • 25.04.2024 23:04
  • 3.9k+

2024-nji ýylyň 19-22-nji awgusty aralygynda Söwda-senagat edarasynda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Halkara çärä görülýän taýýarlyk barada wise-premýer B.Atdaýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň çagalar, mekdep okuwçylary we talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri, okuw esbaplary, elektron harytlary hödürleniler. Şunuň bilen birlikde, bu pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk tälimleriniň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow halkara sergi-ýarmarkasyny guramak baradaky teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....