RF-niň Astrahan oblastynda Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy

  • 24.04.2024 12:17
  • 11k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek maksady bilen, geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda saparda boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň maksatnamasynyň başynda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Amanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň garşysyndaky seýilgähde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuşlyk dabarasyna gatnaşdy.
Gül goýuşlyk dabarasyna türkmen wekiliýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki konsuly G.Ilamanow, Astrahan oblastynyň bilim ministri M.Şalak we Astrahan döwlet uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanyň talyplary gatnaşdylar.
Soňra wekiliýetiň agzalary Astrahan oblastynyň Funtowo obasyndaky türkmen mekdebiniň çäginde Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň açylyşyna gatnaşdylar we şahyryň suratlarynyň, eserleriniň, türkmen milli saz gurallarynyň hem-de oba durmuşy we senetçilik önümleriniň ýerleşdirilen muzeýine gymmatly eksponatlary gowşurdylar. Şeýle hem, türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň ýubileýi mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda suratlaryň sergisi we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.7k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......