Tesla şu wagta çenli satan Cybertruck ulaglarynyň ählisini yzyna çagyrýar

  • 23.04.2024 13:33
  • 16k+

Tesla kompaniýasy şu güne çenli satylan 3 878 Cybertruck elektrik pikaplarynyň hemmesiniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Yza çagyrmagynyň sebäbi gazyň pedalynyň kemçiligi bilen bagly bolup, awtoulag ýokary tizlige çykanda ony dolandyryp bolmazlygy mümkin diýip, «Коммерсантъ» habar berýär.

Yza çagyryşa Cybertruck-yň eýeleriniň biri tarapyndan goýlan wideo sebäp boldy. Ol ýokary tizlik bilen sürüp barýarka, bezeg metal nakladka gazyň pedalyndan gopup, pedal bilen salonyň daşlygynyň arasyna dykylyp galmak bilen, pedaly petikländigini gürrüň berdi. Sürüji pedaly boşatmagy başardy, ýöne bu waka ABŞ-nyň düzgünleşdiriji guramalarynyň derňewe başlamagyna we Tesla tarapyndan yzyna çagyrylmagyna sebäp boldy.
Cybertruck-yň ähli eýelerine hyzmat merkezine ýüz tutmak maslahat berilýär, bu ýerde kompaniýa “15-40 minudyň içinde” kemçiligi mugt düzeder.
Yza çagyryş Teslanyň paýlaryny 2% arzanlatdy. Cybertruck-yň iberilmeginiň gijä galmagy, şeýle hem elektrik ulaglary bazaryndaky bäsdeşlik sebäpli kompaniýanyň paýnamalary 40%-ni ýitirdi. Muňa jogap edip, Tesla ABŞ-da we Hytaýda Model 3, S, Y-iň we X-iň bahalaryny, takmynan, 2 müň dollar arzanlatdy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......