Ýaponiýa 2025-nji ýylda Gün energiýasyny kosmosdan Ýere geçirmäge başlap biler

  • 23.04.2024 12:49
  • 8.7k+

Amerikaly inženerleriň şuňa meňzeş üstünliginden iki ýyl soň, Ýaponiýa 2025-nji ýylda Gün energiýasyny kosmosdan Ýere iberip başlamagy meýilleşdirýär. Space.com -yň habar bermegine görä, bu arassa energiýany ösdürmekde we howanyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm tapgyr bolup biler.

Kindiwanja kosmos elektrik stansiýasy orbitada Günüň energiýasyny ýygnamak üçin fotoelektrik panelleri ulanar. Soňra bu energiýa mikrotolkunlara öwrüler we Ýerdäki kabul ediji antenna iberiler diýip, Ýaponiýanyň kosmos ulgamlarynyň gözlegleri institutynyň geňeşçisi Koiti Idziçi Halkara kosmos energiýasy konferensiýasynda gürrüň berdi.
Bu tehnologiýa ösüşiň başlangyç döwründe bolsa-da, ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Kosmosda ýerleşýän Gün energiýasy, howa şertlerine ýa-da günüň haýsy wagtydygyna garamazdan, gije-gündiziň dowamynda elýeterli bolup biler, bu ýerüsti täzelenýän energiýa çeşmelerinden ep-esli artykmaçlykdyr.
OHISAMA (ýaponça "gün") atly taslamanyň bir bölegi bolan bu wezipe 2025-nji ýylda işe giriziler.
2022-nji ýylda Gün energiýasynyň kosmosdan geçirilmegi Kaliforniýanyň Tehnologiýa Institutynyň ýolbaşçylygyndaky Space Solar Power Demonstrator missiýasy tarapyndan eýýäm görkezilipdi. Ýer ýüzünde ulanylýan, Gün we ýel energiýasyny öz içine alýan köp täzelenýän energiýa tehnologiýalaryndan tapawutlylykda, gün energiýasy elmydama elýeterli bolup biler. Geljegi bar tehnologiýadygyna garamazdan, onuň öz kynçylyklary hem ýeterlik. Orbital elektrik stansiýalaryny gurmak, goldamak gymmat we çylşyrymly bolup biler. NASA bu görnüşde öndürilen elektrik energiýasynyň bir kilowat sagadynyň bahasynyň 61 sent boljakdygyny, bu Ýerdäki Gün ýa-da ýel energiýasynyň bahasyndan ep-esli ýokary boljakdygyny (kilowatt sagady 5 sent) çaklaýar.
Mundan başga-da, onuň uzak möhletli durnuklylyk we daşky gurşawa täsiri bilen baglanyşykly meseleler hem bar.

Şeýle-de bolsa, Ýaponiýa, beýleki ýurtlar ýaly, kosmosda Gün energiýasyny öwrenmeklige we ösdürmeklige köp maýa goýýar. Megerem, bu tehnologiýa howanyň üýtgemegi meselesini çözmegiň we planetamyzyň durnukly geljegini üpjün etmegiň açary bolup biler.


04.06.2026 19:55
4.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

02.06.2026 20:46
4.3k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......