Dartgynly filmleriň ussadynyň täze filmi: M.Naýt Şýamalanyň “Duzak” filminiň treýleri çykdy

  • 22.04.2024 15:36
  • 5.5k+

“Altynjy duýgy” («Шестое чувство») we “Sapar” «Визит» filmleri bilen tanalýan režissýor M. Naýt Şýamalanyň täze “Duzak” («Ловушки») trilleri üçin treýler peýda boldy. Film.ru-nyň habar bermegine görä, filmiň ilkinji görkezilişini 9-njy awgustda guramak meýilleşdirildi.

“Duzak” filminiň sýužetiniň merkezinde “Gassap” (Joş Hartnet) lakamly belli ganhor. Ol ýetginjek gyzy bilen konserte gelýär, ýöne tiz wagtdan bu çäräniň ony ele salmak maksady bilen gizlin gulluklar tarapyndan gurnalandygyna düşünip başlaýar. Özüniň duzaga düşenini görüp, ýüzlerçe adamyň jany orta goýulýan  howply oýnuna başlaýar.
Filmde režissýoryň gyzy, aýdymçy Selika Şýamalan hem surata düşdi. Şýamalanyň iň soňky eseri bolan “Gapy kakylýar” («Стук в дверь») 2023-nji ýylyň gyşynda çykdy we 20 million dollar býujeti bilen 54,8 million dollar gazandy.


düýn 20:14
3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......