Mugallymyň okuwçynyň öý işini barlamagynyň tertibi okuwçylaryň bahalaryna täsir edýär

  • 22.04.2024 13:07
  • 9.8k+

Miçigan uniwersitetiniň gözlegçileri mugallymyň okuwçylaryň işini barlaýyş tertibiniň olaryň bahalaryna täsir edip biljekdigini anykladylar. Bu barada Management Science žurnalynyň materiallarynda aýdylýar.

31 milliondan gowrak bahalar baradaky ýazgylaryň seljermesine görä, familiýasy A-E harplary bilen başlaýan okuwçylaryň bahasy, familiýasy beýleki harplardan başlaýan okuwçylaryňky bilen deňeşdirilende, 100 bally ulgam boýunça bahalandyrylanda ortaça 0,3 bal ýokarydyr.
Mugallymlar işleri elipbiý tertibiniň soňundan bahalandyryp başlanlarynda welin, netije başgaça boldy. W-Z familiýasy bolan okuwçylara tötänleýin tertipde barlananda has ýokary bal berildi we sanawyň başyndakylaryň ballary öňküsinden pes çykdy. Bu okuwçylaryň işiniň hili bilen baglanyşykly bolmadyk 0,6 bal tapawudy döredýär. Bu tapawut, ähmiýetsiz ýaly görünse-de, okuwçylaryň ortaça bahalaryna we netijede, geljekki karýerasyna täsir edýär.
Gözlegçiler bu tapawudyň mugallymlaryň ýadawlygy bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýärler. Barlag işini barlamagyň ahyrynda olaryň ünsi peselýär, bu bolsa bahanyň peseldilmegine getirýär.
Şunuň bilen baglanyşykly gözlegiň awtorlary şu aşakdakylary maslahat berýärler:

  • Okatmagy dolandyryş ulgamlarynda işleri tötänleýin tertipde barlamagy ulanyň;
  • Her kimiň iş ýüküni azaltmak üçin işe köpräk mugallym çekiň.
  • Işleri barlamagyň tertibiniň baha goýluşyna täsir edýändigi barada mugallymlary habarly ediň.

düýn 23:54
94

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

27.06.2026 12:00
4.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......