NASA 80 ýyldan bir gaýtalanýan, "adaty göz bilen görüp bolýan" kosmos hadysasy barada aýtdy

  • 22.04.2024 11:41
  • 9.5k+

2024-nji ýylda Ýerden 3 müň ýagtylyk ýyly aralygynda ýerleşýän ýyldyzyň partlamasy bolup geçer. Bu barada NASA-nyň Daşky gurşaw edarasynyň ýolbaşçysy Bill Kuk Fox News Digital-a habar berdi. 

Onuň partlamasy müňýyllykda bir gezek partlaýan beýleki täze ýyldyzlardan tapawutlylykda, takmynan, 80 ýylda bir gezek bolup geçýär. 
Kukuň aýtmagyna görä, astronomlar hadysanyň takyk wagtyny aýdyp bilmeýärler, ýöne ony “adaty göz bilen görüp bolar”. Bu hadysa birnäçe gün dowam eder, şondan soň “köşeşer”.
Gürrüň Demirgazyk täç ýyldyzlar toplumyndaky “lowlaýan ýyldyz” (Blaze Star) adyny alan T Coronae Borealis ýyldyzy barada gidýär. Ol eýýäm iki gezek partlady: 1866-njy ýylyň 12-nji maýynda we 1946-njy ýylyň 9-njy fewralynda. Kuk onuň partlamasynyň, takmynan, her 80 ýyldan bolup geçýändigini belledi. Ol bu ýyldyzyň ýagtylygyny Polýar ýyldyzy bilen deňeşdirdi.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....