Alymlar zyýanly pestisidleriň ornuna  gurçukly gel döretdiler

  • 21.04.2024 16:05
  • 8.1k+

Newşatel uniwersitetinden şweýsariýaly alymlar pestisidlere täze alternatiwany - genetiki taýdan üýtgedilen nematodlary öz içine alýan gel döretdiler. Adatça toprakda duşýan bu mikroskopik gurçuklar zyýankeş mör-möjekleri netijeli ýok edip biler diýip, New Atlas habar berýär.

Nematodlar toprakdan çykarylanda Günüň täsirine ölýärler, şonuň üçinem olary ösümlik ýapraklary, ýagny zyýankeşleriň köpüsiniň iýýän bölegi üçin ulanmaly däldir. Şonuň üçinem alymlar gurçuklary zäherli däl, biodegrirlenip bilinýän karboksimetilsellýuloza geline salmak kararyna geldiler.
Gözlegiň dowamynda Ruandadaky mekgejöwende gel synagdan geçirildi. Netijeler, onuň gel bilen bejerilmedik gözegçilik meýdanlary bilen deňeşdirilende, gurçuklaryň sanyny azaltmakda 50% has täsirli bolandygyny görkezdi. Şol bir wagtyň özünde gel bilen bejerilen meýdanlaryň her gektaryndan bir tonna köp hasyl alyndy.
Gelde zyýanly himiki maddalar ýok hem-de daşky gurşawa we adamlara zyýansyz we mör-möjekler oňa öwrendekli bolmaýar.
Ýene bir artykmaçlygy – ol tygşytly. Alymlar gidrogeliň täjirçilik görnüşiniň adaty pestisidlerden arzan boljakdygyny aýdýarlar.


düýn 23:37
1.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......