2024-nji ýylyň iň gowy kameraly smartfonlary: Bilermenler iň gowy 12 modeli saýladylar

  • 21.04.2024 10:03
  • 13k+

Meşhur Tech Spurt You-Tube kanalynyň bilermenleri iň ýokary hilli suratlary düşürýän 12 smartfony saýladylar.

Bellenilişi ýaly, iň gowy kameraly smartfon saýlananda diňe bir megapiksel sanyna däl, eýsem optiki durnuklaşdyrma, sensoryň ölçegi, wideo mümkinçilikleri, goşmaça obýektiwleriň we funksiýalaryň bolmagy ýaly beýleki aýratynlyklara-da üns bermek gerek.
2024-nji ýylyň iň gowy kamerofonlarynyň sanawyna şular girdi:

-          Pixel 8 Pro: 50 Mp esasy kamera, 12 Mp-den 50 Mp-ä üýtgetmek mümkinçiligi, RAW-format, giňeldilen redaktirleme funksiýalary.

  • Pixel 7a: 64 Mp esasy kamera, 13 Mp ultra-giň burçly obýektiw, 4K wideo.

  •  iPhone 15 Pro Max: optiki durnuklaşdyrma bilen 48 Mp esasy kamera, 12 Mp bilen 24 Mp-niň aralygynda saýlama mümkinçiligi, Pro RAW, 4K 30/60 k/s wideo.

  • Samsung Galaxy S24 Ultra: 200 Mp esasy kamera, Pro režimi, 8K 30 k/s wideo, professional wideo režimi.

​​​​​​​

  • Samsung Galaxy S23 Ultra: 200 Mp kamera.

​​​​​​​

  • Vivo X100 Pro: islendik ýagtylykda aýdyň surat, portret režimi, 4K 30/60 k/s selfi-wideo.

​​​​​​​

  • OnePlus 12: 50 Mp esasy kamera, 48 Mp ultra-giň burçly obýektiw, 48 Mp periskop, 8K 24 k/s wideo.

​​​​​​​

  •  Huawei P60 Pro: optiki durnuklaşdyrma we üýtgeýän diafragma bilen 48 Mp esasy kamera, 48 Mp teleobýektiw, 4K 60 k/s wideo (Google hyzmatlary ýok).

​​​​​​​

  • Xiaomi 14: Leica sensory bilen 50 Mp esasy kamera, gijeki surata düşüriş, 8K 24 k/s wideo.

​​​​​​​

  • Xiaomi 14 Ultra: 50 Mp esasy kamera Sony, hakyky we ýagty režimleriň arasynda saýlama, 8K 30 k/s wideo.

​​​​​​​

  • Sony Xperia 1 V: 52 Mp esasy kamera, professional funksiýalar, çylşyrymly interfeýs, 8K wideo ýok.

​​​​​​​

  • Honor Magic 6 Pro: optiki durnuklaşdyrma bilen 50 Mp esasy kamera, diafragma derejesini saýlama, 180 Mp periskop.

​​​​​​​


düýn 00:14
1.8k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

05.05.2026 23:11
2.2k+

Sony PlayStation 5-iň bahalaryny ýene gymmatlatdy

Sony kompaniýasy Aziýanyň käbir bazarlarynda «PlayStation 5» oýun konsollarynyň bahalaryny gymmatlatjakdygyny yglan etdi. WCCFTech neşiriniň habar bermegine görä, bu üýtgeşmeler 1-nji maýdan başlap güýje......

21.04.2026 15:36
6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...