Apple bahasyny 1000 dollarlygyna saklap, iPhone 16 Pro-yň esasy wersiýasynyň ýadyny artdyrar

  • 21.04.2024 15:32
  • 13k+

Apple iPhone 16 Pro-yň esasy wersiýasyndaky ýadyň kuwwatyny 128 Gb-dan 256 Gb-a çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu 128 GB-lik çäkli ýatdan, esasanam täze aýratynlyklaryň köp ýady talap edýändigini göz öňünde tutup zeýrenýän ulanyjylar üçin oňat üýtgeşme bolar diýip, Wccftech-e salgylanýan Ferra ýazýar.

LeaksApplePro insaýderiniň berýän habaryna görä, iPhone 16 Pro-nyň we iPhone 16 Pro Max-yň diňe bir ýady artdyrylman, eýsem, olar has uly ekranlar (degişlilikde 6,27 we 6,86 dýuým) we beýleki enjam täzelenmeleri ýaly, birnäçe gowulaşmany hem alar.
Bu gowulaşmalara garamazdan, iPhone 16 Pro-yň bahasynyň öňküligine galmagyna garaşylýar.
iPhone 16 we iPhone 16 Pro şu ýylyň ahyrynda satuwa çykarylar.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...