TikTok-da iň meşhur aktýor kim? Onuň 74,4 mln abunaçysy bar

  • 20.04.2024 16:41
  • 14k+

TikTok-yň ýyldyzlarynyň söweşinde “Gaýa” lakamly Dueýn Jonson kärdeşi Uill Smiti birinji ýerden yza süýşürdi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtyndaky habara görä, "Gaýa häzirki wagtda TikTokda 74,4 million abunaçysy bolan iň halanýan aktýordyr.

Uill Smit 2022-nji ýyldan bäri öňdebaryjy bolup gelýärdi, ol 74 million abunaçysy bilen “Moana” ýyldyzyndan yza galmaýar.
Ýaňy-ýakynda göreş karýerasyna täzeden başlap, WWE-a gaýdyp gelen Jonson özüniň TikTok kanalynda meşhurlaryň sahnanyň aňyrsyndaky durmuşyny görkezmek bilen, janköýerlerini yzygiderli begendirip durýar. Mundan başga-da, ol sport zalyndaky türgenleşikleriniň wideolaryny ýygy-ýygydan ýerleşdirýär, derä serenjam beriji Papatui önümlerini müşderilere hut özi eltip bermek bilen, olary geň galdyrýar we işini Make-A-Wish gaznasy (agyr hassa çagalaryň islegini amala aşymaga kömek edýän halkara haýyr-sahawat gaznasy) bilen paýlaşýar.
Bu Jonson bilen Smitiň rekord üçin ilkinji gezek söweşişi däl. 2015-nji ýylda “Gaýa” üç minutda jemi 105 sany selfi edip rekord goýupdy. Bu at köp ýyllaryň dowamynda yzly-yzyna, iňlis futbolçysy Alan Şerer (134) ýaly, dürli meşhur adamlara geçdi. Soňra Uill Smit bu rekordy 168 selfä çenli artdyrdy. Şeýle-de bolsa, häzir çempionlyk jemi 184 selfi bilen Bolliwudyň ýyldyzy Akşaý Kumara degişlidir. Aktýor üç minutda 209 gezek surata düşdi, ýöne kazylar hiliniň pesligi sebäpli olaryň käbirini hasaba almadylar.


18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....