Hideo Kodzima Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň meşhur geýmdizaýneri diýlip ykrar edildi

  • 24.06.2025 18:51
  • 5.8k+

Ýaponiýaly geýmdizaýner we režissýor Hideo Kodzima iň meşhur oýun režissýory hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada ýapon teleýaýlymlarynyň birinde berlen tok-şouwyň göni ýaýlymynda habar berildi.

Sosial ulgamlarda Kodzimanyň profili wideo oýunlary döredijileriň arasynda iň meşhury boldy. Rekord geçen ýylyň 8-nji noýabrynda hasaba alyndy: ony sosial ulgamlarda yzarlaýjylaryň sany 9,3 milliondan geçdi. Ýedi aýdan soň bu görkeziji Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi.
Geýmdizaýnere bolan gyzyklanmanyň artmagy 26-njy iýuna meýilleşdirilen Death Stranding 2: On the Beach oýnunyň relizine taýýarlyk bilen gabat geldi. Tok-şouwyň ýaýlymynda Kodzimanyň X sosial ulgamyndaky ýapon akkaunty hem görkezildi, onda geljekki oýnuň banneri ýerleşdirilipdir.
Kodzima Ýaponiýanyň çäginden çykan Metal Gear Solid oýunlarynyň awtory hökmünde dünýä meşhurlygyny gazandy. 1997-nji ýylda E3 sergisinde birinji bölümiň tanyşdyrylyşyndan soň, oýun iň köp garaşylýanlaryň biri bolup, 1998-nji ýylda çartlarda birinji orny eýeledi. Tankytçylar onuň kinematografiýa derejesiniň ýokarydygyny we filosofiki temalara degýän çylşyrymly sýužetini belledi. Kodzimanyň taslamalaryna, köplenç, wideo oýunlarynyň sungat bolup biljekdigine subutnama hökmünde seredilýär.
Häzir Kojima Productions studiýasy iki taslamanyň üstünde işleýär, ýöne olar barada entek maglumat ýok. Goşmaça maglumatlaryň 2026-njy ýylda peýda bolmagyna garaşylýar.


düýn 22:32
1.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....