Skytrax dünýäde iň gowy howa menzilini yglan etdi

  • 19.04.2024 22:08
  • 14k+

Skytrax gözleg kompaniýasy ýolagçylaryň seslenmelerine esaslanyp, dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň ýyllyk reýtingini hödürledi. Şu ýyl iň gowusy Dohadaky Hamad halkara howa menzili boldy.

Meýdany 22 inedördül kilometr bolan ägirt toplumda syýahatçylaryň rahatlygy üçin ähli zerur zatlar: tropiki ösümlikleriň uly bakjasy, basseýnli fitnes merkezi, mugt çäksiz Wi-Fi we hatda dindarlar üçin birnäçe zallar bar.
Reýtingiň ikinji ornuna geçen ýyl sanawyň lideri bolan Singapurdaky Çangi howa menzili düşdi. Iň gowy howa menzilleriniň üçlügini Seuldaky Inçhon jemledi.
Şeýle-de, ilkinji onluga Tokiodaky Haneda we Narita howa menzilleri, Parižiň Şarl-de-Goll howa menzili, Dubaýyň howa menzili, Mýunheniň Frans-Ýozef Ştraus adyndaky howa menzili, Sýurihiň we Stambulyň howa menzilleri girdi.


düýn 16:31
3.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
4k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......