Holand saç üçin rezinleri öndürýän kompaniýanyň maýadary boldy

  • 19.04.2024 18:46
  • 14k+

Daily Mail-iň habaryna görä, «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holand saç üçin rezinleri öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýa maýa goýdy. Dünýä futbolynda iň gowy hüjümçileriň biri Norwegiýanyň Bon Dep brendiniň paýly maýadarlarynyň biri boldy. Holandyň saçy üçin Kknekki atly rezin ulanýandygy mälimdir.

«Bon Dep-iň paýdary bolanyma buýsanýaryn. Kknekki ençeme ýyl bäri iň halaýan saç üçin rezinimdir we şübhesiz ol dünýäde iň gowusydyr» diýip, çeşme futbolçynyň sözlerine salgylanýar.

Bon Dep häzirki ýyllyk 7 million ýewro barabar dolanyşygy iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär we Holandyň işjeň gatnaşmagynyň önümleriniň satuwyna itergi berip biler diýip umyt edýär.
Holand 2022-nji ýylyň tomsunda Dortmundyň «Borussiýasyndan» «Mançester Siti» toparyna geçdi. Täze klubdaky ilkinji möwsüminde norwegiýaly hüjümçi Angliýanyň premýer-ligasynda bir möwsümde salan gollarynyň sany boýunça rekord goýdy – 36 gol. Häzirki möwsümde norwegiýaly futbolçy iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda öňdeligi eýeleýärler – onuň we «Çelsiniň» oýunçysy Koul Palmeriň 20 goly bar.


31.01.2026 09:16
905

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

22.01.2026 23:25
3.9k+

«Barselona» emeli aňyň kömegi bilen parfýum döredýän startap bilen şertnama baglaşdy

«Barselona» emeli aňyň kömegi bilen parfýum döredýän Scircle startapynda paý satyn aldy. Şertnama klubuň janköýerler bilen gatnaşygyň täze görnüşlerini ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidir. Klub atyra «emosional aragatnaşygyň goşmaça ýoly» hökmünde garaýandygyny belledi...

11.11.2025 14:30
8.4k+

“Beýiklik pul bilen ölçenmeýär”: Baffet paýdarlara hoşlaşyk hatyny ýazdy

Belli maýadar Uorren Baffet Berkshire Hathaway kompaniýasynyň paýdarlaryna hoşlaşyk hatyny neşir etdi. Hatynda ol kompaniýanyň 1800 paýnamasyny konwertirlejekdigini we olary öz çagalarynyň haýyr-sahawat gaznalaryna berjekdigini aýtdy...

02.11.2025 20:05
2.6k+

Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar

Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar...