1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

  • 13.05.2026 00:07
  • 2.5k+

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy.

Kompaniýa kärhananyň işläp başlan ilkinji ýylynda 10 müňe golaý enjam öndürmegi, 2027-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa bu sany ýylda 100 müň robota ýetirmegi meýilleşdirýär.

Zawodyň meýdany takmynan 5400 inedördül metre deň bolup, onuň gurluşygy birnäçe aý dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde, San-Karlosda mundan hem uly bolan ýene bir desganyň gurluşygy tamamlanyp barýar.

«Neo» roboty eýýäm 20 müň dollar bahasy bilen deslapky sargytlar üçin elýeterlidir. Ýumşak örtükli bu robot öý işlerine kömek etmek üçin niýetlenendir. Ol eşikleri epläp, öýi ýygnap we adamlar bilen aragatnaşyk saklap bilýär.

Wagtyň geçmegi bilen robot täze ukyplary öwrenmäge-de ukyply. Geljekde bu enjamlaryň garry adamlara ideg edip bilmegine-de garaşylýar.

«Neo» robotlarynyň ilkinji tapgyrlary şu ýylyň ahyryna çenli eýelerine gowşurylar diýlip söz berilýär. Kompaniýa has giň meýdança gözläp, öz ştab-kwartirasyny Norwegiýadan Kaliforniýa göçürdi.

1X kompaniýasy häzirki wagta çenli 123,5 million dollar maýa goýumyny çekdi. Onuň esasy maýadarlarynyň biri bolan EQT Ventures özüne degişli kompaniýalarda 10 müňe golaý roboty ulanmagy meýilleşdirýär.

Startap motorlardan başlap, elektronika we batareýalara çenli ähli esasy şaýlary öz zawodynda öndürmegi niýet edinýär. Bu bolsa täze çözgütleri çalt girizmäge we enjamyň hiline gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär. Taslamanyň awtorlarynyň çaklamasyna görä, ýakyn ýyllarda önümçilikdäki adampisint robotlaryň sany adamlaryň sany bilen deňleşip biler.


şu gün 08:37
160

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

düýn 08:33
3.1k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.6k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......