Şwesiýada bir atom galyňlygyndaky altyn list döredildi

  • 19.04.2024 17:06
  • 9.8k+

Linçeping uniwersitetiniň (Şwesiýa) alymlary ilkinji gezek bir atom galyňlygyndaky altyn list döretdiler. Şeýle gurluş altyna täze häsiýetler berdi.

Dürli ýurtlaryň alymlary atomyň galyňlygynda altyn listini döretmäge köpden bäri synanyşýarlar. Emma metalyň ýelmeşmek meýli sebäpli ähli synanyşyklar şowsuz boldy.
Täze ylmy işiň awtorlary titanyň we uglerodyň gatlaklarynyň arasynda altyn goýlan üç ölçegli binýatlyk materialy ulandylar. Şeýle hem olar «Murakaminiň reagenti» diýlip atlandyrylýan ýapon demirçileriniň gadymy usulyny ulandylar, bu usul uglerod galyndylaryny aýyrýar we poladyň reňkini üýtgedýär.
Alymlar iň amatly netijäni gazanmak üçin reagentiň dürli konsentrasiýalaryny we dürli täsir ediş wagtlaryny synadylar.
Alymlar material aşa inçe bolanda, onda adatdan daşary üýtgeşmeleriň bolýandygyny düşündirdiler. Muňa mysal hökmünde grafeni getirdiler. Bu altyna-da degişlidir – adatça ol metal görnüşindedir, ýöne bir atom galyňlygynda ol ýarymgeçiriji bolup bilýär. Inçe altyn listler suwy arassalamak, wodorod öndürmek, kömürturşy gazyny almak we beýleki amallar üçin ulanylyp bilner diýip, Nature Synthesis habar berýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....