Türkmenistan TRACECA-nyň resminamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge taýýar

  • 18.04.2024 18:28
  • 5.6k+

Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgeleriniň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen TRACECA-nyň degişli resminamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen 17-nji aprelde geçiren duşuşygynda belledi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmekde we giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň 2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Ýewropa, Gara we Hazar deňizleri, Kawkaz we Aziýa sebitlerinde ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag baglanyşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen Ýewropa - Kawkaz - Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulandygy bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň ulag ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri geçirmegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......