Türkmenistanyň DIM-i we BMG-Habitat şäher gurluşygy ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 17.04.2024 18:19
  • 6.6k+

16-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Mlynaryň ýolbaşçylygyndaky BMG-Habitat-yň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alşyldy.
Gepleşikleriň çäklerinde taraplar geljegi uly ugurlar hökmünde şäher gurluşyk kanunçylygy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, durmuş taýdan uýgunlaşan şäherleri ösdürmek üçin ählumumy maksatnamalary we strategiýalary durmuşa geçirmek meselelerine garadylar.
Şunuň bilen baglylykda duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda BMG-niň wekilçiligini giňeltmek maksady bilen Türkmenistanda BMG-Habitat-yň Sebitleýin edarasyny açmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydyklaryny we hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen dolduryp, mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardyklaryny bellediler.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......